Soňky habarlar

Arhiw

Ýan Wermeýeriň eserinde Kupidonyň üsti açyldy

16:0611.09.2021
0
6070

Dikeldişçiler Ýan Wermeýeriň üç asyrdan gowrak wagt mundan ozal çekilen «Açyk penjirede hat okaýan gyz» atly suratynda Kupidonyň keşbiniň üstünden bardylar.

Drezden şäherindäki Köne ussatlar galereýasynda saklanýan niferlanly ussadyň suratynda ýaş ýerli zenan maşgaladan başga hiç kimiň ýokdugyna ynanýardylar.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler seresaply gözleglerden soň, kanwanyň fonundaky Kupidonyň şekiliniň üstünden bardylar. Dört ýyllap geçirilen düýpli dikeldiş işlerinden soň, hünärmenler ýokarky boýagy aýyrdylar.

«Euronews»-yň habaryna görä, kompozisiýa indi has doly boldy we gahryman ýalňyz görünmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň