Arhiw

Daniýa koronowirus bilen bagly çäklendirmeleri doly aýyrdy

15:4411.09.2021
0
6674

Daniýa Ýewropada 2020-nji ýylda girizilen koronawirus çäklendirmelerini aýyran ilkinji döwlet boldy. Ýurtda 12 ýaşdan uly raýatlaryň 80 göterimden gowragy doly sanjym edildi, bu immunizasiýa derejesiniň iň ýokary derejesidir.

Awgust aýynda ýurduň hökümeti COVID-19-y «jemgyýet üçin howply kesel» hasaplamagy bes etdi we indi Daniýa gündelik durmuşyna dolanýar. Ýöne howa menzillerinde henizem käbir çäklendirmeleri saklaýar, daşary ýurtlular üçin giriş düzgünleri henizem bar we täze ýokanç kesel ýüze çykan halatynda hökümet bilim edaralaryny ýapmak hukugyny saklaýar diýip, «euronews» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň