Soňky habarlar

Arhiw

Elektrikli awtoulag öndüriji kompaniýa çagalar üçin oýunjak roboty hödürledi

14:3611.09.2021
0
3816

«Xpeng Motors» kompaniýasy emeli intellekt ulgamy tarapyndan dolandyrylýan ýeke-täk roboty hödürledi. Çagalar üçin niýetlenen bu oýunjak robot dürli «ukyplara» eýedir.

Robot çagany üstüne mündürmekden başga-da, eýesi bilen emosional aragatnaşyk saklar. Işläp düzüjileriň belleýşi ýaly, robot öz duýgularyny beýan eder, duýgur we ses aragatnaşygyna jogap berer. Daşarky dünýä bilen täsirleşmek üçin robot kameralar we gapaklar ulgamyny işleder.

Şeýle hem ol ownuk ýükleri düýbünden özbaşdak tertipde daşamak üçin ulanylyp bilner. «W3bsit3-dns.com.to»-nyň habar bermegine görä, robot zarýad berijiniň üstünde oturanda, goşmaça zarýadsyz kiçijik haly görnüşinde zarýad berijä özbaşdak gider.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň