UDU-nyň gazetinde «Serpaý» topary barada makala ýerleşdirildi

12:1511.09.2021
0
13581

Udmurt döwlet uniwersiteti tarapyndan neşir edilýän gazetiiň nobatdaky sanynda bu ýerde bilim alýan türkmenistanly talyplar barada makala çap edildi. Uniwersitetde häzirki wagtda biziň ildeşlerimiziň 40-dan gowragy bilim alýar. Bu barada kazan.tmconsulate.gov.tm web saýtynda habar berildi.

Makalada uniwersitetdäki türkmen talyplary mylakatly we myhmansöýer ýaşlar hökmünde häsiýetlenidirilýär. Awtor olaryň eliniň çeperligine bolsa aýratyn orun beripdir. Şeýle hem makalada Ižewsk şäherinde 2012-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Serpaý» toparynyň işi barada öwgi bilen gürrüň edilýär. Awtoryň bellemegine görä, topara owadan türkmen gyzlary we işine jogapkärli çemeleşýän ýigitler wekilçilik edýär. Topar dört ýigitden we dört gyzdan ybarat.

Toparyň agzalary şäherdäki dürli ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýöne milli medeniýete bolan söýgi olary bir toparda birleşdirýär. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny milli tanslaryň üsti bilen görkezýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň