Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy

23:1210.09.2021
0
5218

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti onlaýn görnüşde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezine Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýadan, Özbegistan Respublikasyndan wekilleri jemledi. VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Hazar serhetsiz” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenip, onda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem “FotoHazar” we “Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy” ugurlarynda bäsleşigiň ýeňijileri boldular.

Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda syýahat žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde сheсk-in, täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media taslamalar ýaly meseleler hem hödürlenildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, mediaforumyň geçirilmegi sebitde we ählumumy derejede žurnalistikany ösdürmekde tejribe alyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýär, Hazar sebitiniň döwletleri üçin bitewi maglumat giňişligini döretmäge ýardam edýän ugurlary kesgitleýär.

Bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda maglumat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hazarýaka döwletleriň etnografik aýratynlyklarynyň syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň degişli edaralarynyň arasynda ýokary hilli etnosyýahatçylyk hem-de ekologik serişdeleri döretmäge we alyşmaga degişli maslahatlary hem-de taslama başlangyçlaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň