Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hünärmenleri «Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

13:0210.09.2021
0
8342

Türkmenistanlylar maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (ICT) ugry boýunça «Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.

Häzirki wagtda bu halkara bäsleşiginiň huaweicup.ru atly resmi web sahypasynda bäsleşige gatnaşjaklary bellige almaklyk işi dowam edýär.

Bäsleşige 18 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky ýaş hünärmenler, talyplar, aspirantlar we uniwersitetleri hem kollejleri gutaranlar, Ýewraziýa ýurtlarynyň – Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň,

Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.

«Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşigine gatnaşmaga meýil bildirenlere bildirilýän esasy talaplar:

• uniwersitetleriň matematika we fizika boýunça esasy programmalaryny bilýän bolmaly (2 ýyl);
• radio tolkunyň ýaýramagy nazaryýeti bilen tanyş bolmaly;
• ykjam torlary gurmagyň umumy ýörelgeleri bilen tanyş bolmaly;
• ykjam giň zolakly ulgamlaryň (smartfonlar, planşetler, modemler we ş.m.) ulanyjy enjamlary bilen tanyş bolmaly.

«Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşiginde 6 sany ugur bar:

1. 5G (täze nesil ykjam tehnologiýalar we standartlar);
2. AI (emeli intellektiň modelleri we usullary);
3. Storage ( maglumatlary gorap saklaýjy torlary gurmak);
4. IP (IP torlarynyň tehnologiýalary we teswirnamalary);
5. APP (ykjam programmalaryň taslamasyny taýýarlamak);
6. ICT Observer (IKT synçysy) – täze žurnalistler üçin.

«Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşiginiň 5G, AI, IP, Storage ugurlary üçin baş baýrak 10000 dollardyr. Bäsleşigiň bu ugurlarynda 2-nji we 3-nji orny eýelänlere baýrak hökmünde Huawei smartfonlarynyň flagman modelleri berler.

«Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşiginiň APP we ICT Observer ugurlarynyň ýeňijileri we baş baýrak alanlary iň ýokary Huawei enjamlary bilen sylaglanar.

«Huawei Cup 2021» atly Ýewraziýa bäsleşigine gatnaşmaga meýil bildirenleri bellige almak işi 31-nji oktýabra çenli dowam eder.

huaweicup.ru resmi web sahypasynda «Huawei Cup 2021 bäsleşigi barada jikme-jik maglumatlar berilýär hem-de bu bäsleşige gatnaşmaga meýil bildirenler bu ýerde bellige alnyp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň