Soňky habarlar

Arhiw

Taýwanda we Ýaponiýada uly tupanyň bolmagyna garaşylýar

21:1409.09.2021
0
5371

Birnäçe gün ozal Ýuwaş ummanda emele gelen «Çansu» tupany Taýwanyň we Ýaponiýanyň günortasyndaky Okinawanyň ugruna tarap hereket edýär.

Meteorologlaryň pikiriçe, tupan öňünden çykan zady weýran edip biler. Onuň merkezindäki ýeliň tizligi sekuntda 15 metre ýeter.

Tupanyň 12-nji ýa-da 13-nji sentýabrda Taýwana we Ýaponiýa ýetmegine garaşylýar. Synçylar kenarýaka sebitlerinde güýçli güýçli şemal, ýagyş tupany we tupan tolkunlary barada duýduryş berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň