Soňky habarlar

Arhiw

Oksfordyň alymlary howply täze döremäniň täze melhemini salgy berdiler

20:2709.09.2021
0
5879

Oksford uniwersitetiniň alymlary howply täze döreme keselini bejermek üçin «Oxford-AstraZeneca» sanjymynyň wirus wektoryny üstünlikli synagdan geçirdiler.

«Techcult.ru»-nyň habaryna görä, bu immun ulgamyny «täzeden açýan» we rak keseliniň öýjüklerini awlamagy işjeňleşdirýän sanjym bilen immunoterapiýanyň utgaşmasydyr. Alymlar MAGE-A3 we NY-ESO-1 beloklaryny nyşana alýan CD8 + T öýjüklerini gözden geçirdiler.

Şol bir wagtyň özünde, diňe düwnük öýjükleriniň üstünde ýüze çykýan MAGE beloklary, köp sanly çişlere mahsusdyr. Şonuň üçin bu usulyň ulanylmagy ygtybarlydyr. Syçanlarda geçirilen üstünlikli synaglardan soň, melhem ýylyň ahyryna çenli adamlarda synag edilip başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň