«Ýaňlan, Diýarym! ― 2021» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

23:0908.09.2021
0
10062

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2021» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan ýaş aýdymçylaryň 6-sy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.

Ine, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň sanawy:

  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Meýlis Kerimowiç Hallyýew;
  • Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewna Çaryýewa;
  • Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory Dörtguly Baýramgeldiýewiç Kerimow;
  • Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Kuwwat Jepbar ogly Weýisow;
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow;
  • Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň