Soňky habarlar

Arhiw

«Ingenuity» Marsyň üstünde 13-nji uçuşyny amala aşyrdy

19:2808.09.2021
0
4265

Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugynyň (NASA) «Ingenuity» uçarmansyz dikuçary Marsyň üstündäki 13-nji uçuşyny tamamlady.

Gözlegleriň dowamynda uçarmansyz uçar 3,3 m/s tizlik bilen hereket etdi we 8 metr beýiklige çykdy. Ol bu uçuşyň dowamynda birnäçe suraty düşürdi.

Bu alymlar tarapyndan «möhüm töwekgelçilik bilen baglanyşykly» diýlip häsiýetlendirilen uçarmansyz uçaryň planeter togalagyndaky ikinji uçuşydyr. Ýöne «Ingenuity»-niň 13-nji uçuşy hiç hili päsgelçiliksiz geçdi diýip, «3dnews.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň