Soňky habarlar

Arhiw

Ermitaždaky gymmatlyklaryň sanly nusgasy auksiona çykaryldy

19:1908.09.2021
0
4008

Ermitaž muzeýi gaznasyndaky suratlaryň NFT belgilerini satmak üçin auksion geçirdi. Umuman alanyňda, auksiona bäş sany sanly eser gatnaşdy. Olaryň başlangyç bahasy 10 müň dollar.

Auksionyň netijesinde Leonardo da Winçiniň, Wan Gogyň, Kandinskiniň, Jorjionyň we Klod Monetiň eserleriniň sanly nusgalary «çekijiň aşagyna» girip-çykdy.

Iň gymmat lot Leonardo da Winçiniň «Madonna Littasy boldy. Onuň üçin 150 müň dollara barabar NFT bellenildi. «3dnews.ru» habar gullugynyň habaryna görä, ähli işler Binance kripto alyş-çalyş bazary arkaly satyldy we girdeji Döwlet Ermitaä muzeýine geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň