Soňky habarlar

Arhiw

«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi

16:1308.09.2021
0
2033

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyna girişildi, bu ýataklary Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» gaz kompaniýasy işläp taýýarlaýar. Bu barada Hytaýyň metbugat serişdeleri habar berýär.

“oilgas.gov.tm” internet neşiriniň hem habaryna görä, bu desgalaryň gurluşygyna girişmek dabarasynda CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş müdiri Çen Huaýlun gatnaşdy. «China Petroleum Engineering and Construction (CPECC)» kompaniýasynyň baş müdiri Lýu Haýszýun Pekin şäherinden wideoaragatnaşyk arkaly bu daara gatnaşyp, ýüzlenme bilen çykyş etdi.

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygynyň taslamalaşdyrylmagy hem-de doly derejede gurlup, ulanmaga berilmegi babatda şu ýylyň iýunda aýynda CPECC kompaniýays bilen şertnama baglaşylypdy.

Taslamanyň möhleti 24 aý bolup, şonuň çäklerinde 6 ýatakda – Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga taýýar ediler.

Taslamanyň çäklerinde 24 guýy gurlup, 4 sany gaz ýygnaýjy stansiýa, turba geçirijiler, inžener-tehniki üpjünçilik toplumy, şol sanda elektrik we suw üpjünçiligi we beýleki önümçilik desgalary gurlar. Olaryň umumy taslama kuwwaty ýyllyk 1,815 milliard kubmetr tebigy gaza deňdir.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde tebigy gazyň uzak möhletli durnukly önümçiligini saklamaga we şoňa laýyklykda, Türkmenistan-Hytaý döwletara gaz geçirijisine ekologiýa taýdan arassa ýangyç iberilmegini üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň