Soňky habarlar

Arhiw

Howa maglumaty: 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabry

07:0007.09.2021
0
5961

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda 7-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +22... +24° maýyl, gündizine +35... +37° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metr, käýerlerinde 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +25°, gündizine +31... +36°, kenarýaka etraplarynda +29... +34° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 752 mm, çyglylygy 35 — 55 %.
Awazada: howa +31... +33°, basyşy 759 mm, çyglylygy 40 — 60 %.
Balkanabat şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 758 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +24° maýyl, gündizine +33... +38° yssy bolar.
Änew şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35 %.
Tejen şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 743 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa, gündizine +34... +39° yssy bolar.
Mary şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 738 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Baýramaly şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 737 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18... +23° maýyl, gündizine +34... +39° yssy bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +36... +38°, basyşy 740 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Kerki şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 735 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +15... +20° maýyl, gündizine +32... +37° yssy bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +35... +37°, basyşy 752 mm, çyglylygy 10 — 30 %.
Köneürgenç şäherinde: howa +33... +35°, basyşy 754 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň