Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýa - Argentina duşuşygy karantin düzgünleriniň bozulanlygy üçin saklanyldy

17:1206.09.2021
0
5087

Futbol boýunça Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Braziliýanyň we Argentinanyň arasyndaky duşuşyk ýedinji minutda togtadyldy. Braziliýanyň polisiýa we migrasiýa gulluklarynyň işgärleriniň meýdançanyň özünde Argentinanyň dört sany futbolçysyny tussag etmäge synanyşygyndan soň, argentinalylar doly düzümi bilen meýdançadan çykdylar.

Gürrüň Emiliano Martines, Emiliano Buendi, Lo Çelso we Kristian Romero hakynda barýar.

Bu oýunçylaryň dördüsi hem Angliýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýär. Epidemiologik düzgünlere laýyklykda bolsa, Braziliýa gelýän şahslar, eger-de ýurda gelmezden iki hepde öň Beýik Britaniýa baran bolsalar, onda 14 günlük karantinde galmaly eken.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, oýunçylar migrasiýa gullugynyň işgärlerine Angliýa barmandyklary barada galp maglumatlary beripdirler. Şol bir wagtyň özünde, Martines we Buendi 28-nji awgustda «Aston Willanyň» düzüminde «Brentforda» garşy oýna çykdylar, Lo Çelso bolsa Romero bilen 29-njy awgustda «Uotforda» garşy oýunda «Tottenhemiň» ätiýaçdaky düzüminde oturdylar.

Ilkibaşda, polisiýa işgärleri argentinaly oýunçylary ýurtdan deport etmek üçin olaryň bolýan myhmanhanasyna bardylar, emma futbolçylar eýýäm futbol oýnuna giden ekenler.

Soňra Futbol boýunça Günorta Amerika konfederasiýasynyň metbugat-gullugy (KONMEBOL) sosial torlarda ýygyndylaryň arasynda duşuşygyň dowam etdirilmejekdigini yglan etdi. Duşuşygyň ykbalyny FIFA-nyň ýolbaşçylary çözer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň