Soňky habarlar

Arhiw

HKS-da ilkinji kosmos burçy gülledi

15:5306.09.2021
0
4110

Halkara kosmos bekedinde ilkinji gezek burç gülledi. Bu barada amerikaly astronawt Megan MakArtur özüniň “Twitter” jemgyýetçilik tory sahypasynda mälim etdi.

– Kosmos ajy burçy barada täzelik. Olar gülledi. Biz bir hepdeden burçuň miwelerini görüp bileris – diýip, astronawt belledi.

Mälim bolşy ýaly, bu burç iýul aýynda ekilipdi.

Bilşimiz ýaly, kosmos giňişliginde şeýle wakalar duş gelnip başlady. Mundan başga-da, älem giňişligine dürli önümleri hem iberilýär. Golaýda “SpaceX” kompaniýasynyň kosmos gämisi arkaly Halkara kosmos bekedine ýük we ýangyç iberildi. Ugradylan ýükleriň arasynda awokado, limon, doňdurma ýaly azyk harytlary bar. Şeýle hem ýükleriň arasynda ylmy barlaglary geçirmek maksady bilen garynja we krewetka hem iberilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň