Soňky habarlar

Arhiw

Ahaldaky «Türkmeniň ak öýi» binasyna täze awtobus sowgat berildi

10:4806.09.2021
0
7011
Ahaldaky «Türkmeniň ak öýi»  binasyna täze awtobus sowgat berildi

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Hormatly Prezidentiň ýaş artistlere iberen Gutlagy zehinli çagalaryň bäsleşiginiň açylyş dabarasyna aýratyn watançylyk ruhuny çaýdy. Gutlagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow okady.

Dabara tamamlanandan soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň adyndan Ahal welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusy sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň