Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenler ukusyzlygyň ýaramaz täsiriniň näçe wagt dowam edýändigini kesgitlediler

19:3005.09.2021
0
3524
Hünärmenler ukusyzlygyň ýaramaz täsiriniň näçe wagt dowam edýändigini kesgitlediler

Ýagielloniýa uniwersitetiniň (Polşa) alymlary ukynyň ýetmezçiliginiň adam bedenine edýän ýaramaz täsirini öwrenmek üçin gözleg geçirdiler. Munuň üçin meýletinçiler toparynyň ukusy bilgeşleýin 10 gün çäklendirildi. Şondan soň olara 7 günüň dowamynda islän wagtynda uklamaga rugsat berildi.

Synaga gatnaşyjylar adaty gündelik işlerine eýerdiler. Hünärmenler elektroensefalografiýa ulanyp, beýniniň işjeňligine gündelik gözegçilik, şeýle hem meýletinleriň üns we reaksiýa tizligi üçin synaglary geçirdiler. Gözlegiň netijesinde alymlar on gün ukusyzlykdan soň, hatda bir hepdelik adaty uky hem ähli görkezijileriň öňki gymmatlyklaryna gaýdyp gelmegi üçin ýeterlik däl diýen netijä geldiler.

“Around the World” neşirine görä diňe reaksiýanyň derejesi ýedi günüň içinde doly dikeldildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň