Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 8-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

23:0403.09.2021
0
3944

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.

Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar zerur bolan enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýär.

Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, ösdürilip ýetişdirilen gowaça hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak hem-de pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda gowaçanyň ýokary hasylynyň öndürilmegi bolsa dokma senagaty pudagymyzy gymmatly pagta önümleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň