Arhiw

Türkmenistanda ýene 10 desga hususy eýeçilige tabşyrylar

23:0003.09.2021
0
3887

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow milletiň Liderine döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça seljermeler geçirildi. Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere laýyklykda, degişli sanaw taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparynyň mejlislerinde degişli desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi. Bu sanawa “Türkmengaz” döwlet konserni boýunça 5 desga, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 3 desga, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 1 desga hem-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desga girizildi. Olary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleriň, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga hem-de desgalary hususylaşdyrmaga gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi ösdürmäge, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Milletiň Lideri bu ulgamdaky işi dowam etmegiň wajypdygyny belläp, hususylaşdyrmaga teklip edilýän döwlet desgalarynyň maksadalaýyklygyny ýene-de bir gezek seljermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany bellenen meýilnamalaryň ählisiniň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň