Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BAE-niň kompaniýasyndan aragatnaşyk enjamlary satyn alar

22:4103.09.2021
0
7980
Türkmenistan BAE-niň kompaniýasyndan aragatnaşyk enjamlary satyn alar

Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine maglumat geçiriş multiserwis toruny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Beat Trade FZE” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň