Soňky habarlar

Arhiw

«MegaFon» talyplar üçin ýeňillik döretdi

08:2603.09.2021
0
7815

«MegaFon» telekommunikasiýa kompaniýasy Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin nyrhnamalary 20 göterim arzanladýar.

Arzanladylan nyrhanamadan peýdalanmak üçin üçin 3-nji sentýabrdan başlap kompaniýanyň bölümlerine ýüz tutmak we talyplyk şahadatnamasyny görkezmek ýeterlikdir. Bir talyba bir müşderi belgisi berilýär.

Täzelik Russiýanyň ähli ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary üçin elýeterlidir.

Operatoryň pikiriçe, 14-25 ýaş aralygyndaky ýaşlar aragatnaşyk üçin ykjam internetden has köp peýdalanýarlar. Bu arzanladyş olar üçin ýakymly täzelik bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň