Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

19:3502.09.2021
0
12243

Aşgabada iş sapary bilen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

TDIM-niň resmi internet saýtynda bellenilişi ýaly, taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň esasylarynyň biri bolup, ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu ugurda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti aýratyn ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň