Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda ýaş mugallymlaryň 430-sy işläp başlady

12:2002.09.2021
0
9337

Şu ýylyň awgust aýynda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerine we çagalar baglaryna ýaş hünärmenleriň 430-sy işe kabul edildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.

Olar ýurdumyzyň dürli okuw jaýlaryny tamamlan hünärmenlerdir. Aglabasy bolsa Seýinazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uçurumlarydyr.

Ýaş hünarmenleriň gelmegi bilen orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň hünärmenler bilen üpjünçilgii ep-esli gowulandy.

Geçen okuw ýylynda bilim ulgamynda mugallymlaryň we terbiýeçileriň 18 müň 116-sy işläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň