Soňky habarlar

Arhiw

«Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk 7» filmini ätiýaçlandyran kompaniýa kazyýete şikaýat edildi

19:0801.09.2021
0
4472

«Paramount» kinokompaniýasy «Ýerine ýetirip bolmajak tabşyryk 7» atly filmi bilen bagly Federal ätiýaçlandyryş kompaniýasyny Kaliforniýa kazyýetine şikaýat etdi.

Kinostudiýasynyň nygtamagyna görä, ätiýaçlandyryjy filmiň surata düşüriliş işleriniň koronowirus hadylary sebäpli togtadylandygy üçin 100 million dollaryň ýerine bary-ýogy 5 million dollar töläp, şertnamany bozdy.

Şeýlelikde, 2020-nji ýylyň iýulyna çenli surata düşüriliş işleri tamamlanmaly filmiň nesibesi häzir hem açylanok.

«Paramount»-yň aklawçylarynyň bellemegine görä, ätiýaçlandyryş kompaniýasy filmiň döredijilik toparynyň wekilleriniň öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmändigi üçin belli bir subutnamanyň ýokdugyny bahana edýär. Şeýle-de bolsa kinokompaniýa doly ätiýaçlandyryş tölegini almak üçin göreşi dowam etdirmekçi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň