Soňky habarlar

Arhiw

«Ölmegiň wagty däl» filminiň görkeziljek senesi belli boldy

18:5401.09.2021
0
4594

«MGM Studios» kinostudiýasy Jeýms Bond filmler tapgyrynyň «Ölmegiň wagty däl» atly soňky ýubileý filimini döretdi. Film tomaşaçylara geçen ýyl görkezilmelidi, ýöne pandemiýa sebäpli premýerasy yza süýşürildi.

Filmiň 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda ilkinji gezek görkezilmegine garaşylýar. Ol 28-nji sentýabrda başlanjak Sýurih halkara film festiwalynyň meýilnamasyna girizildi.

Filmde baş keşbi ýene-de aktýor Daniel Kreýg ýerine ýetirdi. Ol bu tapgyrda bäşinji gezek keşp ýerine ýetirýär. «Kinonews.ru»-nyň habaryna görä, bu onuň «007 agendi» baradaky filmlerde soňky keşbi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň