Soňky habarlar

Arhiw

ÝB agza döwletlerde uly ýaşlylaryň 70 göterimi koronowirusa garşy sanjym edildi

17:4401.09.2021
0
3731

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda 18 ýaşdan uly 250 milliondan gowrak adama COVID-19 garşy doly sanjym edildi. Bu bolsa ulularyň 70 göterimidir.

Muny Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi. Şol bir wagtda ol pandemiýanyň heniz tamamlanmandygyny aýdyp, hüşgär bolmaga çagyrdy.

«Şonuň üçin ilki bilen täze tolkunyň we koronawirusyň täze ştammlarynyň döremeginiň öňüni almak üçin has köp ýewropaly sanjym edilmeli» diýip, ol öz beýanatynda aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň