Şu gün Türkmenistanda täze mekdepleriň ýedisi açylyp, ulanylmaga berildi

17:1601.09.2021
0
1981

Şu gün, 1-nji sentýabrda mekdep okuwçylary, şeýle hem birinji synp okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň başlanandygynyň alamaty bolan ilkinji jaň ýaňlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem okuw ýylynyň başynda täze mekdepler açylyp ulanylmaga berildi we okuwa bilimiň täze ugurlary goşuldy.

Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze orta mekdepleriň ýedisi okuwçylar üçin gapysyny giňden açdy. Olaryň bäşisi Ahal, ikisi Lebap wealýatlarynda açyldy.

Täze okuw ýylynda IT-tehnologiýalaryna zehinli okuwçylara täzelikler garaşýar. Ýurduň welaýatlarynyň hersinde ýöriteleşdirieln orta mekdepleriň bäşisinde 5-nji synp okuwçylary üçin maglumatlar-tehnologiýa ugruna ýöriteleşdirilen täze synplar açylýar. Ol sanly bilimiň depginli ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi, sanly tehnologiýalarda geljekki hünärmenleri giňişleýin taýýarlmak bilen baglanşykly häzirkizaman möhüm wezipelere laýyk gelýär.

Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 12-nji, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 10-njy, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 21-nji, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 28-nji, Mary welaýatynyň Ýolöten şäherindäki 45-nji orta mekdeplerde maglumat-tehnologiýalar ugurlary boýunça sapaklar guralar.

Okuwçylar olarda, ilkinji nobatda, ugurdaş ylymlary öwrenerler, IT- ulgamy dersi we bilimleri barada giňişleýin düşünje alarlar, matematikany, informatikany, fizikany çuňlaşdyryp öwrenerler, munuň üçin goşmaça sapaklar giriziler.

Indi üç ýyl bäri paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde maglumatlar-tehnologiýa ugurlary boýunça okuwçylar taýýarlanylýar. Täze okuw ýylynda maglumat-tehnologiýalar ugrundan ýörite bilim alýan çagalar 7-nji synpda öwrenip başlarlar.

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 141-nji mekdebinde hem 1 – 11-nji synp okuwçylary üçin iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmek boýunça goşmaça sapaklar giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň