Ýapon alymlary «zarýad beriş otagyny» döretdiler

17:0401.09.2021
0
3424

Tokio we Miçigan uniwersitetleriniň alymlary elektron enjamlary simsiz, howa arkaly zarýadlandyrmagyň özboluşly usulyny oýlap tapdylar.

Munuň üçin olar 3x3x2 metr ölçeginde «zarýad beriş otagyny» döretdiler. Otagyň diwarlaryna kondensatorlar oturdyldy. Onuň esasy aýratynlygy ähli göwrümini, şol sanda burçlaryny öz içine alýan iki üç ölçegli magnit meýdanynyň döredilenligidir. Şeýle otag islendik ýere azyndan 50 watt güýç bermäge ukyply, bu bolsa elektrik enjamlarynyň köpüsini simsiz ulanmaga mümkinçilik berýär.

Alymlaryň pikiriçe, şeýle «zarýad beriş otagyny» dünýä derejesinde giňden ulanyp bolar diýip, «vc.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň