Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurrduň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen bagly iş maslahatyny geçirdi

23:3530.08.2021
0
4485

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen bagly wezipeler, täze 2021-2022-nji okuw ýylyna hem-de ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda welaýat häkimleri täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Hususan-da, käbir sebitlerde täze mekdepleri ulanmaga bermek, 1-nji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleri gowşurmak boýunça geçirilen işler barada habar berildi.

Häkimler welaýatlarda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada habar berdiler. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine niýetlenen ýerlerde sürüm we tekizlemek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basyp, ýokary hilli tohumlar taýýarlanyldy. Şeýle hem ata Watanymyzyň şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda badalga beriljek, geljekki hasylyň düýbüni tutjak bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Milletiň Lideri möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ýerleriň ekişe taýýarlanylmagyna, bugdaý öndürijileriň zerur ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegine, bugdaý ekişine ähli ekiji gurallaryň hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň doly taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurduň obalarynda we şäherlerinde täze orta mekdepleriň dabaraly ýagdaýda açylýandygyny, munuň bolsa bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy barada durup geçmek bilen, meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, häkimlere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň önümçiligini artdyrmaga hem-de daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler barada hasabat berdi.

Häzir tutuş ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Zerur bolan ähli tehnikalar möwsüme doly taýýar edilip, daýhanlar ýokary hilli tohumlar, dökünler, suw bilen öz wagtynda üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymy möwsümini hem-de bugdaý ekişini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň