AKSA kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri elektrik-dizel we gaz generatorlaryny hödürleýär

17:0931.08.2021
0
5722

«Täze Usul» hojalyk jemgyýeti AKSA brendiniň generator toplumlaryny hödürleýär, olaryň Türkmenistanyň çäginde işlemegini, hyzmatyny we kepilligini üpjün edýär. Bu hojalyk jemgyýeti enjamlary üçin 2 ýyl ýa-da 1000 iş sagadyna çenli kepillik berýär.

Elektro-dizel we gaz generatorlary diňe bir elektrik energiýasyny däl, eýsem ýylylyk energiýasyny hem üpjün etmäge ukyplydyr. Iň ýokary iş netijeliligi elektrik bilen ýylylygyň bilelikdäki önümçiligini ulanmak arkaly gazanylýar.

«Täze Usul» hojalyk jemgyýeti hususy we senagat pudaklaryny senagat enjamlary bilen ygtybarly üpjün edijidir. Bu hojalyk jemgyýetiniň adaty müşderileriniň arasynda ýerli hususy kärhanalar we «Gap Inşaat», «Çalik Holding»,

«Petronas», «Hyundai Engineering» ýaly başga-da birnäçe iri halkara kompaniýalary bar.

«Täze Usul» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda generatorlara hyzmat etmegi üpjün edýän we mugt maslahat bermäge hemem ölçemäge taýyn ýokary hünärli tehniki hünärmenleri işleýär.

AKSA kompaniýasynyň dünýäniň ilkinji generator öndürijileriniň biridigini, dürli pudaklarda we durmuşyň dürli ugurlarynda ulanyp boljak giň önümçilik mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň