Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de geçen hepde daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 2,3 million dollary möçberinde geleşikler baglaşyldy

23:2029.08.2021
0
4604

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Irlandiýanyň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Şotlandiýanyň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 8 million 322 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi we distillirlenmedik pagta soapstogynyň çig ýagly kislotalaryny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň