Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýene-de 30-dan gowrak desgany hususylaşdyrmak üçin bäsleşikli söwdalar geçiriler

09:3630.08.2021
0
16560

Türkmenistanda hususylaşdyrmak işini çalt depginde dowam edýän döwründe ýene-de 31 döwlete degişli desganyň hususylaşdyrylmagyna degişli bildiriş çap edildi.

Türkmen metbugatynda ýerleşdirilen bildirişe görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwda 16-njy sentýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

Bu bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Türkmenistanyň Merkezi banky, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky, “Türkmengaz” döwlet konserni, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Daşoguz, Lebap we Mary welaýat hakimliklerine degişli 31 desga bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň