Soňky habarlar

Arhiw

Amerikan gubernatorynyň ganhorynyň azatlyga goýberilmegi ähtimal

18:1329.08.2021
0
5420

Senator Robert Kennediniň ganhory 53 ýyl tussaglykdan soňra azatlyga goýberilip bilner.

«Euronews»-yň habaryna görä, ýörite toparyň wekilleri tussag Sirhan Sirhanyň indi jemgyýet üçin howp salyp bilmejekdigini tassykladylar. Gutarnykly karar topar tarapyndan 90 günüň dowamynda kabul ediler. Soňra ol Kaliforniýa ştatynyň gubernatoryna garamak üçin berler. Gubernator Gawin Newsom komissiýanyň kararyny tassyklamaly ýa-da ret etmeli bolar.

Sirhan Sirhanyň 1968-nji ýylyň 5-nji iýunynda Los Anjelesde senator Robert Kennedini atyp öldürendigini ýatladýarys.« Euronews.com»-yň habaryna görä, tussag muny Kennediniň ABŞ-nyň harby uçarlaryny Ysraýyla ibermegini goldaýandygy üçin ar almak üçin edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň