Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýollarynyň ýagdaýyna nägilelik bildirdi

23:5127.08.2021
0
14274

Wise-premýer Ç.Purçekow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, baýramçylyk çärelerine taýýarlyk işleriniň wajypdygyna ünsi çekdi we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň miwesi bolan bu elektrik bekediniň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag ýollarynyň we Aşgabadyň köçeleriniň ulanyş ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip hem-de bu babatda birnäçe tankydy belliklerini aýdyp, ýurdumyzyň asfalt kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini herekete girizmegiň, olary doly güýjünde işletmegiň we ýol gurluşygyna degişli tehnikalary abatlamagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli düzümi döretmek babatda teklipleri tizden-tiz taýýarlamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň