Soňky habarlar

Arhiw

Pol Makkartni «The Beatles« toparynyň ozal ýaýradylmadyk aýdymlarynyň sözlerini täze kitabynda paýlaşar

16:0428.08.2021
0
4060

Beýik Britaniýaly sazanda Pol Makkartni «The Beatles« toparynyň ozal ýaýradylmadyk aýdymlarynyň sözlerini «The Lirycs» atly kitabynda ýerleşdirer. Täze eser meşhur ýerine ýetirijiniň döredijilik tapgyrlarynyň ählisini öz içine alar.

2-nji noýabrda neşir ediljek bu kitapda «Kimdigini aýdyň!» atly aýdymyň sözleri, şeýle hem Makkartniniň arhiwindäki şahsy suratlar, garalamalar we çyzgylar ýaly «hazynalar» bolar.

Şol bir wagtyň özünde, «All My Loving»-den «Sary suwasty gämisine» çenli her bir aýdymyň sözleri sazandanyň olaryň hersiniň nähili döredilendigi baradaky teswirleri bilen bilelikde bolar diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň