1-nji sentýabrda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler

23:4527.08.2021
0
57727

Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde bellenilýän täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar. 1-nji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanynyň adyndan kompýuterler sowgat berler.

Hökümetiň 27-nji awgustdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew täze okuw ýylynyň başlanmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Türkmen Lideri ýaş nesillerimizi mynasyp terbiýelemek maksady bilen, milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyny nygtap, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejesini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 161 müň 739 sany kompýuteri satyn almak, 2021-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň