Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň banklary telekeçilere programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek üçin karz serişdelerini berer

23:1327.08.2021
0
13999

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow türkmen Lideriniň garamagyna “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin goldaw bermegiň ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady we degişli resminama gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Adalat ministrligi, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi hem-de “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen bilelikde milli programma önümlerini döretmek we enjamlary öndürmek boýunça işler üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 5 ýyl möhlete hem-de taýýar milli programma önümleriniň we enjamlarynyň satyn alynmagy we ulanyşa girizilmegi üçin ýyllyk 2 göterim bilen, 6 aý ýeňillikli döwri bolan 3 ýyl möhlete kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine karzlary bermegiň Tertibini iki aý möhletde taýýarlamak hem-de bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň