Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolar

23:0027.08.2021
0
5446

Türkmenistan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agzalyga kabul ediler. Bu baradaky degişli resminamanyň taslamasyny 27-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň dünýäniň dürli döwletleri we iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belläp, türkmen Lideri dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrýan Yslam ösüş banky hem-de onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Ýeri gelende bellesek, Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy 2008-nji ýylda döredilip, onuň ştab-kwartirasy Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde ýerleşýär. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek bu düzümiň esasy wezipesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň