«Ýaş telekeçiler mekdebi» mugt sapaklary berýär

09:5528.08.2021
0
7829

Işi nireden başlamaly, hyzmatdaşlary nireden tapmaly, başarnykly strategiýany nädip gurmaly we ilkinji aýlarda işde nädip bankrot bolmaly däl – bular barada mugt “Ýaş telekeçiler mekdebinde” sapak berýärler. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berdi.

Alty aý bäri üstünlikli durmuşa geçirilip gelýän taslamada okuwlary guramak boýunça jogapkärçiligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Partiýasynyň Merkezi Geňeşi (TSTP) öz üstüne aldy.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu taslama, ýaş we işjeň adamlaryň öz işini gurmagyna ylham bermek maksady bilen döredildi.

– Bu döwrüň ýaşlary innowasiýa, ylym, lukmançylyk, IT tehnologiýalary bilen gyzyklanýar. Biziň wezipämiz olary höweslendirmek we ösüşiň dogry ýoluny görkezmek bolup durýar. Biz işewürlik bilen meşgullanmaga, döretmäge we daş-töweregimizdäki dünýäni üýtgetmäge ukyply, başarjaň, sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmeli, – diýip, işewür-geňeşçi Rahymberdi Kerimow belleýär.

Her şenbe mugallymlar, geňeşçiler we işjeň telekeçiler, şol sanda üstünlikli telekeçiler we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary TST Partiýasynyň mejlisler zalynda diňleýjileri telekeçiligiň esaslary we öz tejribelerinden mysallar bilen tanyşdyrýarlar.

Okuwda kompaniýalaryň durmuşyndan anyk mysallar gözden geçirilýär. Işewürler özleriniň hakyky ýalňyşlyklary, olary nädip ýeňip bilendikleri we nähili netije gazanandyklary barada gürrüň berýärler.

Adam üçin elmydama diňe bir hyjuw ýa-da ylham ýeterlik däldir. Eýsem, öz mümkinçilikleriňe düýpli baha bermek we sözlerden, pikirlerden amallara geçmek islegi hem gerek.

- Siz onlarça kitap okap, ýüzlerçe leksiýa diňläp bilersiňiz, emma alnan bilimler tejribä geçirilmese, hiç zat gazanyp bolmaz, – diýip, mekdebiň tejribeli gatnaşyjylaryndan biri öz pikrini paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň