Pakistanyň daşary işler ministri bilen owgan meseleleri maslahatlaşyldy

17:4526.08.2021
0
5277

26-njy awgustda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki döwleti dostluk we wagtyň synagyndan geçen gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň derwaýyslygy bellenilip geçildi hem-de olaryň geljekde durmuşa ornaşdyrylmagynyň resmi Yslamabat tarapyndan goldanyljakdygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasy hyzmatdaşlyga we Owganystandaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygy babatda Türkmenistanyň we Pakistanyň gyzyklanmalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň ozalky tejribeleriniň nazarda tutulmagy bilen, sebitleýin dialogyň döredilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şunlukda, türkmen tarapy Owganystan boýunça sebitleýin hereketleriň ösüş prosesiniň barşynda özüniň bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine berk ygrarlylygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň