Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

15:0626.08.2021
0
4829

Şu gün – 26-njy awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen gelen Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi kabul etdi. Bu barada Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda diplomat türkmen Liderine Pakistanyň Premýer-ministri Imran Hanyň salamlaryny ýetirip, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine, maksatlaryň we pikirleriň umumy garaýyşa laýyk gelýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Pakistanyň TOPH ýaly iri taslamalar arkaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny belledi.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaý hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministri Kureýşi sebit parahatçylygy we durnukly ösüş üçin Owganystanyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy, şeýle-de bu ýurtda ýakyn wagtlarda durnuklylygyň, parahatçylygyň we durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň barha ilerlejekdigine umyt bildirdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Pakistany möhüm hyzmatdaş ýurt hasaplaýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň özara bähbitli ugurlar boýunça Pakistan bilen gatnaşyklaryny has-da berkitmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem daşary işler ministriniň Owganystandaky ýagdaýa umumy sebitleýin çemeleşmek üçin sebite eden saparyna ýokary baha berdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň