«Boý Bodron» hususy kärhanasy ýokary hilli derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny ilata ýetirýär

10:3225.08.2021
0
5865

Ýurdumyzyň içerki bazarynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän «Boý Bodron» hususy kärhanasy farmaseptiki, saglygy goraýyş we ortopediýa önümleriniň lomaý hem bölek satuw söwdasyny alyp barýar.

Kärhana ýurdumyzyň ilatyny Germaniýanyň, Awstriýanyň, Latwiýanyň, Şweýsariýanyň, Indiýanyň we beýleki döwletleriň dünýä belli öndüriji kärhanalarynyň ýokary hilli derman we lukmançylyk serişdeleri bilen elýeterli bahadan üpjün edýär. «Boý Bodron» hususy kärhanasy 2003-nji we 2004-nji ýylda Ženewada Halkara Fondy tarapyndan «Işewürlikde ýokary hil görkezenligi üçin» diýen altyn medal bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda bu hususy kärhana dünýäbelli öndürijiler bilen uzak möhletli işewürlik gatnaşyklaryny alyp barýar. Häzirki wagtda «Boý Bodron» hususy kärhanasy «Türkmen senet», «Rompharma SRL», «Lmp», «PIEX», «Medrull», «SFM», «Incepta Pharmaceuticals», «Forans One Touch» ýaly kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmak bilen kärhana ilata hödürleýän derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň hem gerimini giňeltmegi maksat edinýär.

Telefon belgisi: +99312 97-33-20, +99312 97-33-18

Hususy kärhananyň dermanhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezi.

Telefon belgisi: 908-908, 908-809, 90-67-67, 97-03-03

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň