Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Begenç Garaýew: «Garşy şäherine gezelenje gelmedik»

16:3424.08.2021
0
1847

Şu gün yklym ýaryşynyň sebitleýin finalyndan ozal «Ahal» futbol toparynyň tälimçisi Begenç Garaýew bilen ýarym goragçy Elman Tagaýew žurnalistleriň sowallarynajogap berdi.

Metbugat maslahatyndaky sowal jogaplar şu görnüşde boldy.

Begenç Garaýew bilen söhbetdeşlik

― Sözümiziň başynda size we toparyňyza «Garşy şäherine hoş geldiňiz!» diýýäris. Biz «Ahal» we «Altyn asyr» toparlaryna belet. Olar halkara derejesinde hem abraýly klublar. «Ahalyň» ertirki duşuşykdaky mümkinçiligi barada näme aýdyp bilersiňiz?

― Sowal üçin köp sag boluň! Ilki bilen, sizi we özbek halkyny ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýaryn. Şu ýyl Türkmenistan hem özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram edýär.

«Nasaf» barada aýtsam, ol baý taryha eýe topar. AFK-nyň kubogynda arzyly ýeňşe hem ýeten. Biz bu duşuşyga uly jogapkärçilik bilen taýýarlyk gördük. Garşydaşyň güýjünden habarymyz bar. Galan zatlary oýun görkezer.

― «Nasafyň» baş tälimçisi Ruzikul Berdiýew baradaky pikirleriňizi hem eşidäýsek.

― Ruzikul Berdiýew indi ençeme ýyldan bäri bu topara tälim berip gelýär. Toparyň ýolbaşçylary oňa ynam bildirýär. Häzirki ýagdaý tälimçi üçin hem möhümdir. «Nasaf» gysga paslar bilen hüjüme okdurylýan topar. Ýöne biz hem Garşy şäherine gezelenje gelmedik. Yzymyza ýeňiş bilen dolanmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

― «Nasafyň» milli çempionatda garaşylan netijeleri görkezip bilmeýşi sizde nähili pikir döredýär?

― Dogry, toparyň gazanýan netijeleri juda bir kanagatlandyryjy däl. Belki, bu ýagdaý toparyň öňünde goýan maksady bilen baglydyr. Her niçik hem bolsa «Nasaf» güýçli topar.

― Toparyňyza «Sogdianadan» geçen Arslanmyrat Amanowyň derejesi barada näderejede öwrendiňiz? Özbegistanyň çempionatyndaky duşuşyklara tomaşa etdiňizmi?

― Özbegistanyň çempionatynda tizlik ýokary. «Pahtakor», «Lokomotiw» ýaly toparlar juda güýçli. Arslanmyrat bilen bu barada pikir alyşdyk. Ertir hemmesini göreris. Aýdyşym ýaly, bu ýere ýeňilmek üçin gelmedik. «Nasaf» ― gowy topar. Bir duşuşykda hemme zadyň alajy bolar.

― «Nasafyň» oýunçylary barada nähili maglumatyňyz bar?

― Bizde maglumatlar bar. Marko Stanoýewiç, Oýbek Bozorow we başga-da köp sanly futbolçylaryň tejribesiniň ýetikdigini bilýäris. Tehniki we tizlik tarapdan güýçli futbolçylar köp. Ertir garaşan netijämizi gazanarys diýip umyt edýärin.

Elman Tagaýew:

― Duşuşyk barada näme aýdyp bolar? Myhmansöýerlik üçin köp sag boluň! Oýuna güýçli taýýarlyk gördük. Onuň biziň üçin möhümdigini bilýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň