Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumy açyldy

23:2523.08.2021
0
10740

23-nji awgustda Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde gurlan ýedi gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurdy.

Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen we Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumy bäş bölekden ybaratdyr. Onuň birinji gatynda söwda ulgamynyň kärhanalary ýerleşýär.

Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşy Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna amala aşyran nobatdaky iş saparynyň wakalary bilen utgaşdy. Türkmen Lideri iri şol gün «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de welaýatyň «Türkmeniňak öýi» binasynda guralan dabaralara gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň