Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Marynyň hassahanalaryna 10 sany «Tiz kömek» awtoulaglaryny sowgat berdi

23:1723.08.2021
0
13196

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen Lideri, beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi.

Döwlet Baştutany Marynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen çärelere gatnaşandan soňra, ýolugra Mary şäheriniň Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň ýanynda saklandy. Bu ýerde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň onusyny bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň