Arhiw

Türkmenistan Gruziýa import eden esasy döwletleriň biri boldy

11:0724.08.2021
0
7490

Gruziýa şu ýylyň birinji ýarymynda daşary döwletlerden 669,2 million litr benzin we dizel ýangyjyny import etdi. Bu mukdarda 23,77 göterimlik paý bilen Rumyniýa birinji, 23,75 göterimlik paý bilen Türkmenistan ikinji, 21,1 göterimlik paý bilen Russiýa üçünji orny eýeleýär.

Bu barada «Sputnik-georgia» neşiri habar berdi.

Ýazylyşyna görä, Gruziýa ýangyç importy boýunça 30 şereket bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurduň şu ýylyň birinji ýarymynda import eden ýangyjy geçen ýylyň degişli döwründen 3,9 göterim kändir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň