Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

22:4523.08.2021
0
6750

Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň we Hökümetiň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Ismail Sabri Ýaakoba Malaýziýanyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Gutlagda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirilýär. Şeýle hem türkmen Lideri Premýer-ministr Ismail Sabri Ýaakoba berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň