Arhiw

Türkmen Lideri Maýa Sanduny Moldowanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

22:2523.08.2021
0
7722

Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Gutlagda: “Garaşsyzlyk ýyllarynda Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýeten üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bizi guwandyrýar. Türkmenistanyň we Moldowanyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge ygrarly bolmagy iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn” diýip bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň