Soňky habarlar

Arhiw

Ýaltalyk üçin 300 dollar

18:3423.08.2021
0
3415
Ýaltalyk üçin 300 dollar

Çernogoriýada täsin bäsleşik ― ýaltalaryň bäsleşigi başlandy. Düzgüne laýyklykda, gatnaşyjylar düşekçede ýatmaly we mümkin boldugyça uzak wagtlap ýatmaly.

Olar şol bir wagtyň özünde uklap, okap, iýip-içip bilerler, ýöne ýeriňden turmak gadagandyr, hajathana sekiz sagatdan bir gezek baryp bilersiňiz.

«Mir24»-iň habar berşi ýaly, bu üýtgeşik bäsleşigiň ýeňijileri 300 ýewro baýrak alarlar. Mundan öň Çernogoriýada 2018-nji ýylda geçirilen ýaltalyk boýunça altynjy açyk bäsleşikde özboluşly rekort goýuldy. Şol ýaryşa gatnaşan dört adam 49 sagat ýatansoň, baýrak olara paýlanyp berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň