Aşgabatdaky «Toyota» kompaniýasy çagalaryň arasynda yglan eden surat çekmek bäsleşiginiň şertlerini täzeledi

17:3023.08.2021
0
16206

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatdaky «Toyota Türkmenistan» çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda awtoulagyň iň gowy çeper keşbiniň suratyny çekmeklik boýunça döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Häzirki wagtda «Toyota» kompaniýasy ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyş çärelerini berjaý etmeklik maksady bilen baglanyşykly bäsleşige gatnaşmagyň şertlerini täzeledi. Hususan-da, öňräk, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar bir ýere jemlenip, belli bir wagtyň içinde, şol bir wagtyň özünde surat çekip başlamaly bolsalar, indi taýýar suratlary guramaçylaryň aşakdaky salgylaryna getirmeli bolar: Aşgabat şäheri, G. Kuliýew köçesi, 46 ýa-da Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 7 / A.

Döredijilik bäsleşiginiň surat eserleri 30-njy sentýabra çenli kabul edilýär. Ýeňijiler «Toyota» kompaniýasyndan gymmat bahaly sowgatlar alarlar. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda awtoulagyň iň gowy çeper keşbiniň suratyny çekmeklik boýunça döredijilik bäsleşigini gurnaýjylar ýaryşa gatnaşan ähli ýaş suratkeşleriň sowgatlar bilen sylaglanjakdygyny bellediler.

Bäsleşige 15 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler. Döredijilik bäsleşigine gelen ähli surat eserleri çagalaryň şu aşakdaky ýaş aýratynlyklary boýunça toparlara bölüner:

• 7 ýaşa çenli;
• 8 ýaşdan 11 ýaşa çenli;
• 12 ýaşdan 15 ýaşa çenli.

Çagalaryň bu ýokarky ýaş aýratynlyklarynyň her haýsysyndan bir surat eseri ýeňiji bolar.

Suratlar galamlar, flomasterler (flomaster – ýazmak, surat çekmek üçin reňk siňdirilen sterjen), reňkleriň islendik görnüşi bilen ýerine ýetirilip bilner.

A3 (ileri tutulýan) we A4 ölçegli ak kagyzlarynda ýerine ýetirilen işler kabul edilýär. Zerur şert: Suratyň reňki fonyna (fon – ýerliliginiň reňki) laýyk bolmaly.

Gatnaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 (12) 754444 (G. Kuliýew köçesi, 46) we +993 (12) 437057 (Oguzhan köçesi, 7)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň